"Seýýar ibn Selämeden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (bir gün) kakam bilen bilelikde Ebu Barza Al-Asläminiň (Allah ondan razy bolsun) ýanyna bardym. Kakam ondan “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem parz namazlaryny nähili okardy?” diýip sorady. Ol şeýle jogap berdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem siziň birinji (namaz) diýip atlandyrýan öýle namazyňyzy, Gün günortadan günbatara tarap meýil edip başlan badyna okardy.
Ikindi namazyny okap bolandan soňra bolsa, biziň birimiz Medinäniň iň uzak çetinde ýerleşýän öýüne dolanyp baran mahalynda-da, Gün diri bolup, (henizem onuň gyzgynlygy gitmänkä baryp ýeterdi).
(Bu hadysy rowaýat eden adam) “Agşam namazy hakynda aýdan sözlerini ýadymdan çykarypdyryn” diýdi.
Ol siziň “atama” diýip atlandyrýan namazyňyz bolan, ýassy namazyny yza çekip, gijikdirip okamagy gowy görerdi we şol namazy okaýança uklamagy we ony okanyndan soňra bolsa gürrüňleşip oturmagy halamazdy.
Ertir namazy babatda aýdylanda bolsa, ol daňdanyň alagaraňkysynda, bir adamyň ýanynda oturanyň ýüzüni saýgaryp başlan wagtynda ony tamamlardy we bu namazda altmyş aýatdan ýüz aýata çenli okardy”.
"