"Al-Bara ibn Azybdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ilki Medinä gelen wagtynda, ensarylardan bolan atalaryna (ýa-da daýylaryna) baryp düşledi. On alty ýa-da on ýedi aýlap Beýtul-Makdise (Aksa mesjidine) tarap seredip namaz okady, ýöne ol namaz okanda, Käbä tarap seredip, namaz okamagy arzuw ederdi. Adamlar bilen bile Käbä tarap seredip okan ilkinji namazy, Ikindi namazydy. Onuň bilen bile namaz okanlaryň biri namazdan çykandan soň (başga bir) mesjitde namaz okap duran adamlaryň, rukugda wagtlary olaryň ýanyndan geçdi we olara “Allahy şaýat tutup (ant içýärin), men ýaňy Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde Käbä tarap seredip namaz okadym” diýdi. (Muny eşidip), olar hem şol bada Käbä tarap öwrüldiler.
Ýehudylar we ähli kitaplar (hristiýanlar) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Beýtul-Makdise (Aksa) tarap seredip namaz okanyny gowy görerdiler. Haçan-da ýüzüni Käbä tarap öwrende, olar muny halamadylar.
Zuheýr şeýle diýdi: “Bize Ebu Ishak, Beradan habar berip aýdan şu hadysynda (ýene-de) şeýle diýdi: “Kybla – (Käbä tarap) üýtgedilmezinden ozal (ilkinji) kybla (Aksa mesjidine) tarap namaz okap ölen we öldürilen adamlar bardy. Olar hakda näme diýjegimizi bilmedik. Şol wagt Allah Tagala şu aýaty inderdi: “Allah siziň imanyňyzy puja çykarmaz” {Bakara:143}."