Habar berilmegine görä, Ibn Şihab pylan kakasyndan namazy kesýän zatlar hakda sorapdyr. Ol hem “(Namazy) hiç zat kesip bilmez, diýdi, Çünki ‘Urwa ibn Az-Zubeýriň maňa habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem gijelerine turup, namaz okardy. Men bolsam Kybla bilen Onuň arasyndaky düşekde keseligine ýatardym”.