"Nafi’dan rowaýat edilmegini görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle habar beripdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, köplenç, (sütre hökmünde) münýän düýesini keseligine goýup, oňa tarap bakyp namaz okar eken”.
Nafi’ “(Men Ibn Omardan): “Eger-de düýe (ýerinde durman), hereket etse näme?” diýip soradym. Ol “(Şeýle ýagdaýda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem düýesiniň) eýerini öňünde goýup, onuň yzky tarapyna bakyp namaz okardy” diýdi. Ibni Omar (Allah olardan razy bolsun) hem edil şeýle ederdi”.
"