‘Ata ibn Ebu Meýmunadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir. “Men Enes ibn Mäligiň şeýle diýenini eşitdim: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hajatyny bitirmek üçin daş çykan wagty, men bir oglan bilen bilelikde ýanymyza bir ‘ukaza (ýa bolmasa, hasa ýa-da ‘anaza ) we ýene-de bir gapda suw alyp Onuň yzyndan barardyk. Haçan-da, hajatyny bitirip bolandan soň, biz Oňa suwly gaby bererdik”.