476

86-nji bap

476

86-nji bap

476

86-nji bap

Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Kakam bilen ejemiň dindar bolup ýaşamadyk (günleri) meniň hiç ýadyma düşenok. Resulullah sallahu aleýhi wesellemiň irden we agşam bize gelmedik hiç bir güni ýokdy. Soňra (kakam) Ebu Bekriň kellesine (mesjid gurmak) pikiri geldi we öýüniň howlusynda mesjid gurdy we şol ýerde namaz okamaga we Kuran okamaga başlady. Müşrükleriň aýallary we çagalary oňa haýran galyp, onuň daşynda jemlenip, seredip durardylar. (Kakam) Ebu Bekr Kuran okan wagty, gözýaşlaryny saklap bilmezdi, köp aglardy. Bu bolsa Kureýişli müşrükleriň abraýly adamlaryny gorkuzardy”.

حَدَّثَنَا يَحْيَى بْنُ بُكَيْرٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا اللَّيْثُ، عَنْ عُقَيْلٍ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ، قَالَ: أَخْبَرَنِي عُرْوَةُ بْنُ الزُّبَيْرِ، أَنَّ عَائِشَةَ زَوْجَ النَّبِيِّ ﷺ، قَالَتْ : لَمْ أَعْقِلْ أَبَوَيَّ إِلَّا وَهُمَا يَدِينَانِ الدِّينَ، وَلَمْ يَمُرَّ عَلَيْنَا يَوْمٌ إِلَّا يَأْتِينَا فِيهِ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، طَرَفَيِ النَّهَارِ: بُكْرَةً وَعَشِيَّةً، ثُمَّ بَدَا لِأَبِي بَكْرٍ، فَابْتَنَى مَسْجِدًا بِفِنَاءِ دَارِهِ، فَكَانَ يُصَلِّي فِيهِ وَيَقْرَأُ القُرْآنَ، فَيَقِفُ عَلَيْهِ نِسَاءُ المُشْرِكِينَ وَأَبْنَاؤُهُمْ، يَعْجَبُونَ مِنْهُ وَيَنْظُرُونَ إِلَيْهِ، وَكَانَ أَبُو بَكْرٍ رَجُلًا بَكَّاءً، لاَ يَمْلِكُ عَيْنَيْهِ إِذَا قَرَأَ القُرْآنَ، فَأَفْزَعَ ذَلِكَ أَشْرَافَ قُرَيْشٍ مِنَ المُشْرِكِين