Es-Saib ibn Ýezidden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men mesjitde durkam, kimdir biri maňa kiçijik bir daş atdy. (Yzyma öwrülip seretsem, ol) Omar ibn El-Hattab eken. Ol maňa “Bar, şol iki sany adamy meniň ýanyma getir!” diýdi. Men olary alyp geldim. (Omar) olara “Siz kim? ýa-da siz nireden?” diýip sorady. Olar oňa “Biz Taýfdan” diýdiler. Ol “Şu şäherden bolan bolsadyňyz, ikiňizi hem jezalandyrardym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidinde sesiňizi gataldýarsyňyz” diýdi.