"Ebu Sa’yd El-Hudryden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (mesjitde) adamlara wagyz edip: “Allah bir guluna, dünýä bilen Öz ýanyndaky zadyň arasyndan (haýsam bolsa birini) saýlamaga ygtyýar berdi we ol (gul) hem Allahyň ýanyndakyny saýlady” diýdi.
(Bu sözleri eşidip), Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) aglap başlady we men öz-özüme “Allah (gullaryndan birine) dünýä bilen Öz ýanyndaky zadyň arasyndan (haýsam bolsa birini) saýlamaga ygtyýar beren bolsa we (ol gul hem) Allahyň ýanyndaky zady saýlan bolsa, onda bu goja nämä aglaýarka?” diýdim. (Görüp otursam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gürrüňini edip şol) guly, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň (özi) ekeni. Ebu Bekr bizden has köp bilýän ekeni.
(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Eý, Ebu Bekr, aglama! Elbetde, adamlaryň içinde maňa iň köp haýyr-sahabat edip, dostlugyny we mal-baýlygyny gaýgyrmadyk adam Ebu Bekrdir. Eger-de men ymmatymyň içinden bir adamy Halyl tutmaly bolsadym, men onda hökman Ebu Bekri saýlardym. Emma welin, Yslam doganlygy we söýgisi (ondan hem üstündir). Ebu Bekriň gapysyndan başga mesjide tarap (çykýan) gapylaryň hemmesi ýapyk bolsun!” diýdi.
"
• Halyl – bu iň ýakyn dost diýmekdir. Bu Allah bilen bendesiniň arasynda hem bolup bilýändir. Kuranda Ybrahym aleýhissalam “Halylullah” diýip gelýär. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hem dostlary köpdi, ýöne “Halyl” diýip diňe Allahy saýlady.