"Ka’b ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol (bir gün mesjitde otyrka), Ibn Ebu Hadraddan algysyny almak üçin dawa edip başlapdyr. Olaryň sesleri şeýle bir gaty çykypdyr welin, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýde oturan ýerinde, olaryň seslerini eşidip, hatda öýüniň perdesini hem ýapman, olaryň ýanyna çykyp:
“Eý, Ka’b!” diýipdir. Ol “Lepbeý, Ýa Resulullah!” diýipdir. “Onuň bergisiniň ýarsyny geç!” diýip, eli bilen yşarat edipdir. Ol “Men eýýäm geçdim, Ýa Resulullah!” diýipdir. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ibn Ebu Hadrada ýüzlenip): “Sen bolsa indi ýeriňden tur-da, (galan bergiňi) oňa ber!” diýipdir.
"