Abdulla ibn Omaryň (Allah ondan razy bolsun) habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe mesjit bişmedik kerpiçden gurlandy, üsti bolsa hurma şahalaryndan (ýapylandy), sütünleri hem hurma agaçlaryndandy. Ebu Bekr onuň hiç zadyny üýtgetmedi. Omar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň zamanynda bar bolan binanyň nusgasy esasynda täzeden bina gurup, ony giňeltdi. Ol (mesjidiň gurluşygy üçin) kerpiç, hurma şahalaryny peýdalandy we sütünlerini (ýene-de) täze (hurma) agajyndan goýdy. Soňra Osman ony ep-esli giňeldip, gaýtadan gurdy. Diwarlaryny nagyşly daşlar bilen örüp, ony hek bilen örtdi. Sütünlerini nagyşly daşlardan gurdy, mesjidiň üstünini bolsa saj agajy bilen örtdi”.