Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Maňa menden öňki pygamberleriň hiç birine berilmedik bäş (zat) berildi: Bir aýlyk uzaklykda ýerleşýän (duşmanlarymyň ýüreklerine) gorky salmak bilen maňa goldaw berildi. (Bütin) Ýeriň ýüzi meniň üçin namaz okar ýaly hem-de arassalanar ýaly bir ýer edilip goýuldy. Şonuň üçin hem meniň ymmatymdan haýsy bir adama (islendik bir ýerde namazyň) wagty gelse, ol (şol ýerde) namazyny okap biler. (Uruşdan düşen) oljalary almak (menden öňki pygamberleriň hiç birine halal däldi, ýöne) maňa halal edildi. Pygamberleriň her biri diňe öz halkyna (kowumyna) iberilen bolsa, Men bütin adamzada iberildim we mundan başga-da, maňa şepagat hukugy berildi”.