Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, Ummu Seleme (enemiz) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme Habaşystanda (Efiopiada) “Mariýa” atly Kenisany görendigini we onuň içindäki suratlar hakynda gürrüň berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Olar şeýle bir milletlerdir, eger-de içlerinden haýsydyr bir salyh, gowy adam ýa-da salyh bir gul ölse, onuň gabrynyň üstünde (ybadat eder) ýaly, mesjid (ybadathana) gurup, içinde-de şoňa meňzeş suratlary goýarlar. Olar Allahyň huzurynda mahlukatlaryň içinde iň erbetleridir”.