"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ilki Medinä gelende, Medinäniň iň ýokary ýeri bolan Benu ‘Amr bin ‘Auf diýilen ýerde düşledi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şol ýerde on dört günläp ýaşady. Soňra Benu En-Nejjar taýpasynyň yzyndan adam ugratdy. Olar gylyçlaryny eginlerinden asyp geldiler.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem düýesiniň üstünde we Ebu Bekriň bolsa Onuň arkasynda oturyşy, Benu En-Nejjar taýpasyndan bir topar adamlaryň bolsa, Onuň daşyny gurşap, tä Ebu Eýýubyň öýüniň howlusyna çenli gelip, düýesini şol ýerde çökerişi, häzirem meniň gözümiň öňünden gidenok.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem nirede namazyň wagty bolsa, şol ýerde namaz okamaklygy gowy görerdi. Hatda goýun ýataklarynda hem namaz okardy. Soňra Ol Mesjid gurmaklygy emr etdi. (Şondan soň) Benu En-Nejjar ogullaryndan bir jemagata habar ugradyp: “Eý, Benu En-Nejjar ogullary, maňa (daşy) diwar bilen aýlanan bu ýeriňiziň bahasyny kesgitläň!” diýdi. Olar “Ýok, Allahdan ant içýäris, biz munuň bahasyny diňe Allahdan sorarys!” diýdiler.
Enes şeýle diýdi: “Ol ýerde müşrükleriň gabyrlary bardy, şeýle hem (büdür-südür) haraba ýerler we hurma agaçlary bardy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň buýrugy bilen gabyrlar sökülip aýryldy, (büdür-südür nätekiz) haraba ýerler tekizlendi, hurma agaçlary bolsa kesilip, olary diwar hökmünde (guruljak) mesjidiň kybla tarapynda hatara düzdüler. Iki gapdal diwarlaryny bolsa daş bilen ördüler. Sahabalar (joşup) goşgy okap, daş getirmäge başladylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem (olara goşulyp), olar bilen birlikde “Allahym! Ahyrediň haýryndan başga haýyr ýokdur. Ensarylaryň we Muhaçirleriň günälerini bagyşla!” diýen sözleri gaýtalaýardylar”.
"