Mu’minleriň enesi, Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Ummu Habibe we Ummu Seleme Habaşystanda içinde dürli suratlar bar bolan bir ybadathanany görendiklerini agzap, muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme gürrüň berdiler. Ol şeýle diýdi: “Eger-de olar aralarynda haýsydyr salyh, gowy bir adam ölse, onuň gabrynyň üstünde (ybadat eder) ýaly mesjid (ybadathana) gurup, içinde-de şoňa meňzeş suratlar goýarlar. Olar Kyýamat güni Allahyň huzurynda, halkyň iň erbet adamlaryndan bolarlar”.