"Mahmud ibn Ar-Rabi’ El-Ensarynyň (Allah ondan razy bolsun) habar bermegine görä, (bir wagtlar) Bedr söweşine gatnaşan, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Ensaryly sahabalaryndan bolan, ‘Ytban ibn Mälik (bir) gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Eý, Allahyň Resuly, meniň gözlerim gaty küteldi, men öz kowumyma (ymam bolup) namaz okap berýärin. Ýagyş ýagan wagtlary, aramyzdaky dereden suw dolup akýar we men olaryň mesjitlerine baryp, olar bilen namaz okap bilemok, diýdi. Ýa Resulullah, namaz okamak üçin bir ýer ediner ýaly, meniň öýüme gelip, namaz okap bermegiňi arzuw edýärin” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Allah islese ederin!” diýdi. ‘Ytban şeýle diýdi: “Ertesi gün ir bilen Gün birneme ýokaryk galandan soň, Allahyň Resuly Ebu Bekr bilen bilelikde meniň ýanyma geldiler. Allahyň Resuly öýe girmäge rugsat sorady, men Oňa rugsat berdim”. Ol öýe girip oturmazdan öň maňa “Öýüň niresinde namaz okamaklygymy isleýärsiň?” diýdi. ‘Ytban şeýle diýdi: “Men Oňa öýümiň bir çüňkünden ýer görkezdim”. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (şol ýerde) durup, “Allahu Akbär” diýip tekbir etdi. Biz hem onuň arkasynda hatar bolup durduk. Ol iki rekagat namaz okandan soň, (egnine) salam berdi”.
‘Ytban şeýle diýdi: “Biz onuň üçin taýýarlap goýan hazira naharyndan iýmek üçin ony (birneme) sakladyk” diýdi. Soň ‘Ytban şeýle diýdi: “(Şol arada) töwerekdäki birnäçe adamlar (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bize gelendigini eşidip, öýde jemlendiler”. Olaryň içinden biri “Mälik ibn Ed-Duhaýş (ýa-da Ibn Ed-Duhşun) nirede?” diýip sorady. Ýene biri-de “Ol Allahy we Resulyny söýmeýän ikiýüzli – munafyk boldy” diýdi. (Muny eşidip), Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem oňa “Beýle diýme! Göreňokmy näme, ol Allahyň razylygy üçin “La ilaha illa-Allah” diýmedimi näme?” diýdi. (Ol adam) “Allah we Onuň Resuly has gowy bilýändir” diýdi. Soňra ol ýene-de “Biz onuň munafyklara nähili kömek edýändigini we maslahat berýändigini görýäris” diýdi. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Kim Allahyň razylygy üçin (çyn ýürekden) “La ilaha illa-Allah” diýse, Allah ony dowzah oduna haram eder” diýdi.
"