• Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen namaz okady. Soňra münbere çykyp, namaz okamak, rukug etmek hakynda şeýle diýdi: “Elbetde, men sizi öňümden görşüm ýaly, arkamdan hem görýändirin”.