27

19-nji bap

27

19-nji bap

27

19-nji bap

"Sa’d ibn Ebu Wakkasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir topar adamlara (sowgat hökmünde zat paýlap) berdi. (Şol ýerde) Sa’d hem otyrdy. Olaryň içindäki meniň göwnüme iň gowy ýaraýan bir adama Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (hiç zat) bermedi. Men “Ýa Resulullah! Näme üçin pylana hiç zat bermän geçdiňiz? Allahdan ant içýärin, men ony mu’min adam hasap edýärin” diýdim. Ol “(Beýle diýme), ýa-da “musulman (diýip aýt)!” diýdi. Men biraz dymyp oturdym, ýöne bu adam hakda bilýän zatlarym meni biynjalyk etdi. Men (duryp bilmän), ýene-de “(Ýa Resulullah)! Näme üçin pylana bermediňiz? Allahdan ant içýärin, men ony mu’min adam hasap edýärin” diýdim. Ol ýene-de “(Beýle diýme) ýa-da “musulman (diýip aýt)!” diýdi. Bu adam hakda bilýänlerim ýene-de meni biynjalyk etdi. Men ýene-de şol soragy gaýtaladym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem ýene-de şol bir sözüni gaýtalap soňundan maňa şeýle diýdi: “Eý, Sa’d! Elbetde, Men bir adama bir zat (beren wagtym), başgalaryny ondan has beter gowy görýänem bolsam, Allah ony dowzaha ýüzinligine taşlamagyndan gorkýanlygym üçin berýän wagtlarym bolýandyr. ” diýdi.”"

حَدَّثَنَا أَبُو اليَمَانِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا شُعَيْبٌ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: أَخْبَرَنِي عَامِرُ بْنُ سَعْدِ بْنِ أَبِي وَقَّاصٍ، عَنْ سَعْدٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ أَعْطَى رَهْطًا وَسَعْدٌ جَالِسٌ، فَتَرَكَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ رَجُلًا هُوَ أَعْجَبُهُمْ إِلَيَّ، فَقُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ مَا لَكَ عَنْ فُلاَنٍ فَوَاللَّهِ إِنِّي لَأَرَاهُ مُؤْمِنًا، فَقَالَ: «أَوْ مُسْلِمًا» فَسَكَتُّ قَلِيلًا، ثُمَّ غَلَبَنِي مَا أَعْلَمُ مِنْهُ، فَعُدْتُ لِمَقَالَتِي، فَقُلْتُ: مَا لَكَ عَنْ فُلاَنٍ؟ فَوَاللَّهِ إِنِّي لَأَرَاهُ مُؤْمِنًا، فَقَالَ: «أَوْ مُسْلِمًا». ثُمَّ غَلَبَنِي مَا أَعْلَمُ مِنْهُ فَعُدْتُ لِمَقَالَتِي، وَعَادَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ قَالَ: «يَا سَعْدُ إِنِّي لَأُعْطِي الرَّجُلَ، وَغَيْرُهُ أَحَبُّ إِلَيَّ مِنْهُ، خَشْيَةَ أَنْ يَكُبَّهُ اللَّهُ فِي النَّارِ» وَرَوَاهُ يُونُسُ، وَصَالِحٌ، وَمَعْمَرٌ، وَابْنُ أَخِي الزُّهْرِيِّ، عَنِ الزُّهْرِيِّ.