Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbäň daşyndan towaf edip ýörkä, elini başga bir adamyň eline, guşak ýa-da ýüp ýa-da başga şoňa meňzeş bir zat bilen baglap, daňan adamyň ýanyndan geçdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony öz eli bilen kesip, oňa: “Ony eliň bilen tutda, ýöret!” diýdi.