Ebu Wakyd El-Leýsiden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem mesjitde (adamlar bilen bile) otyrka, üç sany adam geldi. Olaryň ikisi Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme tarap ýöredi, üçünjisi bolsa çykyp gitdi. Iki adamyň biri tegelenip oturan adamlaryň arasynda bir boş ýeri görüp, şol ýerde oturdy. Beýlekisi bolsa adamlaryň arkasyna, yza geçip oturdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sözüni tamamlandan soň: “Size üç adam hakynda habar bereýinmi?” diýdi: “Olaryň biri Allaha sygyndy, Allah hem ony Öz penasyna aldy. Beýlekisi (adamlary biynjalyk etmekden) utandy, Allah hem oňa (azap bermekden) utandy. Emma üçünjisi (bu mejlisinden) ýüz öwürdi, Allah hem ondan ýüz öwürdi” diýdi.
"Abdulla ibni Zeýdden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol bir gün Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň mesjitde bir aýagyny beýleki aýagynyň üstünde goýup, arkan ýatanyny görüpdir.
Ibn Şihabden rowaýat edilmegine görä, Sa’yd ibn El-Musaýyib “Omar bilen Osman hem şeýle ederdiler” diýipdir.
"
Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Kakam bilen ejemiň dindar bolup ýaşamadyk (günleri) meniň hiç ýadyma düşenok. Resulullah sallahu aleýhi wesellemiň irden we agşam bize gelmedik hiç bir güni ýokdy. Soňra (kakam) Ebu Bekriň kellesine (mesjid gurmak) pikiri geldi we öýüniň howlusynda mesjid gurdy we şol ýerde namaz okamaga we Kuran okamaga başlady. Müşrükleriň aýallary we çagalary oňa haýran galyp, onuň daşynda jemlenip, seredip durardylar. (Kakam) Ebu Bekr Kuran okan wagty, gözýaşlaryny saklap bilmezdi, köp aglardy. Bu bolsa Kureýişli müşrükleriň abraýly adamlaryny gorkuzardy”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Jemagatly okalan namazyň öýde ýa-da bazarda okalan namazdan (sogaby) ýigrimi bäş esse artykdyr. Eger-de bir adam gowy edip täret alandan soňra, diňe namaz okamak niýeti bilen mesjide barsa, tä mesjide girýänçä, äden her bir ädimi üçin Allah ony bir dereje beýgelder we bir günäsi aýrylar. Mesjide girip, namaza garaşyp durdugyça, namazda ýaly hasap ediler. Namaz okan ýerinden aýrylmasa, perişdeler oňa tä täretini bozýança “Allahym, ony bagyşla! Allahym, oňa rehim et!” diýip, doga-dileg edip durarlar”.
Wakyd (ibn Muhammed) kakasyndan, ol hem Ibn Omardan ýa-da Ibn ‘Amrdan rowaýat etmegine görä, şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem barmaklaryny biri-biriniň içinden geçirip baglady”.
Abdulla (ibn ‘Amrdan) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (maňa) şeýle diýidi “Eý, Abdulla ibn ‘Amr, eger-de sen iň erbet adamlaryň içinde galsaň, seniň bu halyň niçik bolar?” .
Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Mu’min adam beýleki bir mu’min adam üçin biri-birini berk saklap duran bina ýalydyr” diýip, barmaklaryny biri-biriniň içinden geçirip, baglap görkezdi”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen öýle ýa-da ikindi namazynyň haýsam bolsa birini okady. (Ibn Sirin Ebu Hureýre “Bu namazyň haýsy namazdygyny aýtdy, ýöne men ony ýatdan çykarypdyryn” diýdi).
Soň (Ebu Hureýre) şeýle diýdi: “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) biziň bilen iki rekagat namaz okandan soň, (iki egnine) salam berdi. Soňra mesjidiň bir gyrasynda ýatan agaç böleginiň ýanyna baryp, gaharly ýaly bolup, arkasyny oňa söýedi. Sag elini çep eliniň üstünde goýup, barmaklaryny biri-birine baglady. Sag ýaňagyny çep eliniň arka tarapyna goýdy. (Şol wagt) howlukmaç adamlar (öz aralarynda) “Bu namaz gysgaldymyka?” diýip, eýýäm mesjidiň gapylaryndan çykyp gitdiler. Olaryň arasynda Ebu Bekr bilen Omaram bardy. Olar hem (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme) bir zat diýmekden çekindiler. Olaryň arasynda ýene-de iki eli uzyn bolanlygy sebäpli, “Zul-ýedeýni” diýilýän bir adam hem bardy. Ol adam “Eý, Allahyň Resuly, ýatdan çykardyňmy ýa-da namaz gysgaldymy?” diýip sorady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) oňa “Men hiç zady ýatdanam çykarmadym we namazam gysgalmady!” diýdi. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýanyndakylara ýüzlenip): “Hakykatdanam, “Zul-ýedeýniniň” aýdyşy ýaly boldumy?” diýip sorady. Olar “Hawa” diýip jogap berdiler.
Şondan soň Ol öňe geçip, (ýadyndan çykaryp okaman) galdyran (rekagatlaryny) okady, soňra (iki egnine) salam berdi we “Allahu Äkbär!” diýip, öňki sejdesi ýaly ýa-da ondan (birneme) uzagrak sejde etdi. Soňra başyny galdyryp: “Allahu Äkbär!” diýdi. Soňra ýene-de “Allahu Äkbär!” diýip, öňki sejdesi ýaly ýa-da ondan (birneme) uzagrak sejde etdi. Soňra ýene-de başyny galdyryp: “Allahu Äkbär!” diýdi .
(Ibn Sirinden adamlar) “Soň (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki egnine) salam berdimi?” diýip soradylar. Ol hem ‘Ymran ibn Husoýnyň “Soňra salam berdi” diýen sözi maňa habar berildi” diýip jogap berdi.
"
Bize Musa ibn ‘Ukba şeýle habar berdi: “Men Sälim ibn Abdullanyň, (Mekgeden Medinä) barýan ýoluň belli bir (ýerlerini göz öňüne tutup), şol ýoluň käbir ýerlerinde namaz okaýandygyny gördüm. Ol kakasy (Abdulla ibn Omaryň) hem şol ýerlerde namaz okandygyny aýdyp bererdi, çünki (Abdulla ibn Omar hem Allah olardan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şol ýerlerde namaz okandygyny görüpdir”.
"Nafi’dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle habar beripdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Umra ýa-da Haja giden wagtynda, Zul-Hüleýfe-de mesjidiň gurlan ýerindäki Samura agajynyň aşagynda düşlärdi. (Şeýle hem) söweşden soň ýa-da Haç we Umra edeninden soň, bu ýollardan yzyna gaýdyp gelende, “Batn Wadiniň” içinden ýörärdi. “Batn Wadiden” ýokaryk çykanda, Wadynyň gündogar tarapyndaky Bathada, (ýagny gumly ýerde) düýesini çökerip, daň atýança dynç almak üçin şol ýerde düşlärdi.
Onuň dynç alan ýeri Daş mesjidiniň ýanynda däldi we üstünde (soň) mesjid gurlan depäniň ýanynda-da däldi. Abdulla bu Wadiniň iň pes ýerinde gumlaryň üýşen bir ýerinde namaz okardy. Çünki ol ýerde Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okar eken. Soňra Abdulla ibn Omaryň namaz okan ýerinde, Batha tarapdan sil gele-gele ol ýeri – Abdullanyň namaz okan ýerini (bilinmejek şekilde) tekizläpdir”.
"