"Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun), habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Men (haç döwri) syrkawlandygym hakynda Resulullah sallallahu aleýhi weselleme arz etdim. Şonda Ol maňa: “(Düýä) münüp, adamlaryň arka tarapyndan towaf et!” – diýdi. Men Onuň aýdyşy ýaly edip towaf etdim. Şol wagt Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Käbäniň ýanynda namaz okap, “Wet-tury wä Kitäbim-mestury” süresini okap durdy.
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalaryndan iki sany adam garaňky gijede Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyndan çykdylar. Olaryň öňlerinde (ýollaryny ýagtaldyp duran) iki sany çyra ýaly ýagtylyk berýän yşyk bardy. Olar biri-birinden aýrylan wagty, olaryň her biriniň ýanynda bir çyra galdy we tä, olar öýlerine barýançalar (ýollaryna ýagtylyk berip durdy) ”.
"Ebu Sa’yd El-Hudryden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (mesjitde) adamlara wagyz edip: “Allah bir guluna, dünýä bilen Öz ýanyndaky zadyň arasyndan (haýsam bolsa birini) saýlamaga ygtyýar berdi we ol (gul) hem Allahyň ýanyndakyny saýlady” diýdi.
(Bu sözleri eşidip), Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) aglap başlady we men öz-özüme “Allah (gullaryndan birine) dünýä bilen Öz ýanyndaky zadyň arasyndan (haýsam bolsa birini) saýlamaga ygtyýar beren bolsa we (ol gul hem) Allahyň ýanyndaky zady saýlan bolsa, onda bu goja nämä aglaýarka?” diýdim. (Görüp otursam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gürrüňini edip şol) guly, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň (özi) ekeni. Ebu Bekr bizden has köp bilýän ekeni.
(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Eý, Ebu Bekr, aglama! Elbetde, adamlaryň içinde maňa iň köp haýyr-sahabat edip, dostlugyny we mal-baýlygyny gaýgyrmadyk adam Ebu Bekrdir. Eger-de men ymmatymyň içinden bir adamy Halyl tutmaly bolsadym, men onda hökman Ebu Bekri saýlardym. Emma welin, Yslam doganlygy we söýgisi (ondan hem üstündir). Ebu Bekriň gapysyndan başga mesjide tarap (çykýan) gapylaryň hemmesi ýapyk bolsun!” diýdi.
"
• Halyl – bu iň ýakyn dost diýmekdir. Bu Allah bilen bendesiniň arasynda hem bolup bilýändir. Kuranda Ybrahym aleýhissalam “Halylullah” diýip gelýär. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hem dostlary köpdi, ýöne “Halyl” diýip diňe Allahy saýlady.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem, ölümine sebäp bolan hassalygy döwründe, kellesini bir mata bilen daňyp, mesjide çykdy. Ol münberiň üstünde oturyp, Allaha hamdu-sena aýtdy, soňra şeýle diýdi: “Elbetde, adamlaryň içinde Ebu Kuhafanyň ogly Ebu Bekrden artyk meniň üçin janyny we malyny (orta goýup), gaýgyrmadyk (başga bir adam) ýokdur. Eger-de men adamlaryň arasyndan bir adamy özüme Halyl (iň ýakyn dost) tutmaly bolsadym, onda men hökman Ebu Bekri özüme Halyl edip saýlardym. Ýöne welin Yslamdaky ýakyn dostluk – bu iň gowusydyr. Menden soň, Ebu Bekriň gapysyndan başga, mesjide tarap çykylýan ähli gapylary ýapyň!”.
"Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgä gelende, Osman ibn Talhany ýanyna çagyrdy. Ol (Käbäniň) gapysyny açdy. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Bilal, Usama ibn Zeýd we Osman ibn Talha bilen bilelikde içeri girip, soňra gapyny ýapdylar. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) şol ýerde birnäçe wagtlap galdy, soňra olar çykdylar.
Ibn Omar şeýle diýdi: “Men derrew Bilalyň ýanyna bardym we ondan “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol ýerde namaz okadymy” diýip) soradym. Ol “Hawa, namaz okady” diýdi. Men “Niresinde (okady)?” diýip soradym. Ol “Iki sütüniň arasynda” diýip jogap berdi. Ibn Omar “Men ondan näçe rekagat okandygyny soramagy unudypdyryn” diýdi.
"
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Nejd tarapa bir atly goşun ugratdy. Olar Benu Hanifa taýpasyndan Sumama ibn Äsäl diýilýän bir adamy (ýesir alyp) getirdiler we ony mesjidiň sütünleriniň birine daňyp goýdular”.
Es-Saib ibn Ýezidden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men mesjitde durkam, kimdir biri maňa kiçijik bir daş atdy. (Yzyma öwrülip seretsem, ol) Omar ibn El-Hattab eken. Ol maňa “Bar, şol iki sany adamy meniň ýanyma getir!” diýdi. Men olary alyp geldim. (Omar) olara “Siz kim? ýa-da siz nireden?” diýip sorady. Olar oňa “Biz Taýfdan” diýdiler. Ol “Şu şäherden bolan bolsadyňyz, ikiňizi hem jezalandyrardym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidinde sesiňizi gataldýarsyňyz” diýdi.
Abdulla ibn Ka’b ibn Mäligiň rowaýat etmegine görä, Ka’b ibn Mälik (Allah ondan razy bolsun) oňa şeýle gürrüň beripdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe Ka’b ibn Mälik mesjidiň içinde Ibn Ebu Hadraddan algysyny almak üçin dawa edip başlapdyr. Olaryň sesleri şeýle bir gaty çykypdyr welin, hat-da, öýde oturan Pygamberimiz Resulullah sallallahu aleýhi wesellem olaryň sesini eşidip, öýüniň perdesini hem ýapman, olaryň ýanyna çykypdyr we Ol: “Eý, Ka’b!” diýip gygyrypdyr. Ol “Lepbeý, Ýa Resulallah!” diýipdir. Eli bilen yşarat edip “Onuň bergisiniň ýarsyny geç!” diýipdir. Ol “Men ony eýýäm geçdim, Ýa Resulallah!” diýipdir. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ibn Ebu Hadrada) ýüzlenip: “Sen hem indi ýeriňden tur-da, (galan bergiňi) ber!” diýipdir.
"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem münberiň üstünde otyrka, bir adam ondan “Gije okalýan namaz hakda näme aýdyp bilersiňiz?” diýip sorady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Iki-ikiden okaň. Eger daňyň atmagyndan heder etseňiz, onda umumy sany täk bolar ýaly, ýene bir (rekagat namaz) okaň!” diýdi.
Şeýle hem (Ibn Omar Allah ondan razy bolsun köplenç) “Gije okaýan namazyňyzyň iň soňuny bir rekagat bilen tamamlaň, çünki muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem emr etdi” diýerdi”.
"
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem wagyz edip otyrka, bir adam “Gije okalýan namazy nädip okamaly?” diýip sorady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Iki-ikiden oka. Eger-de daň atmagy golaýlandyr öýütseň, onda okan namazlaryň sany täk bolar ýaly, (iň soňundan) bir rekagat witr namazy oka!” diýdi.