Ebu Katada Es-Sulemiden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Sizden biri mesjide giren wagty, oturmazdan öň, (hökman), iki rekagat namaz okasyn!”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siziň haýsy biriňiz namaz okaýan ýerinde täretini bozman (saklap, beýleki namaza çenli garaşyp) dursa, Perişdeler “Allahym! Ony bagyşla. Allahym! Oňa merhemet et” diýip, doga edip durarlar”.
Abdulla ibn Omaryň (Allah ondan razy bolsun) habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe mesjit bişmedik kerpiçden gurlandy, üsti bolsa hurma şahalaryndan (ýapylandy), sütünleri hem hurma agaçlaryndandy. Ebu Bekr onuň hiç zadyny üýtgetmedi. Omar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň zamanynda bar bolan binanyň nusgasy esasynda täzeden bina gurup, ony giňeltdi. Ol (mesjidiň gurluşygy üçin) kerpiç, hurma şahalaryny peýdalandy we sütünlerini (ýene-de) täze (hurma) agajyndan goýdy. Soňra Osman ony ep-esli giňeldip, gaýtadan gurdy. Diwarlaryny nagyşly daşlar bilen örüp, ony hek bilen örtdi. Sütünlerini nagyşly daşlardan gurdy, mesjidiň üstünini bolsa saj agajy bilen örtdi”.
Ykrimeden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun) maňa we ogly Ala “Ebu Sa’yd El-Hudryniň ýanyna baryň-da, onuň aýdanlaryny diňläň!” diýdi. Biz onuň ýanyna bardyk, ol bakjasyny düzeldip duran eken. (Bizi gören badyna, derrew) rydasyny (köýnegini) alyp geýdi. Soňra ol gürrüň bermäge başlady. Ol, haçan-da, mesjidiň gurluşygy barada agzap geçende, şeýle diýdi: “Biziň hemmämiz bir kerpiçden götererdik, emma Ammar (ibn Ýäsir) iki-ikiden götererdi”. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem muny görüp, onuň üstündäki tozanyny kakyp: “Wah, (biçäre) Ammar! Ony bir azgyn topar öldürer! Ol olary Jennete çagyrar, olar bolsa ony dowzaha çagyrarlar!” diýdi. Ammar bolsa: “Pitnelerden Allaha sygynýaryn!” diýdi.
Sählden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: c“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir aýala habar ugradyp: “Agaç ussasy bolan guluna buýrup, maňa üstünde oturar ýaly, agaçdan bir (münber) ýasadyp bersin” diýdi.
Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, bir aýal (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme) “Ýa Resulullah! Saňa üstünde oturar ýaly, bir zat ýasadaýynmy? Çünki, meniň agaç ussa gulum bar?” diýdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) oňa “Isleseň, (ýasadaý)” diýdi. Ol aýal münber ýasatdy”.
Habar berilmegine görä, Osman ibn Affan (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidini täzeden guran wagty, halkyň (myş-myşlaryny) eşidip: “Siz köp zat aýdyp başladyňyz. Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden “Kimde-kim Allahyň razylygy üçin bir mesjid gursa, Allah onuň üçin Jennetde şonuň ýaly bir (köşk) gurup berer” diýenini eşitdim” diýdi.
Sufýan (ibn ‘Uýeýne) şeýle diýipdir. “Men bir gezek ‘Amr (ibn Dinara) şeýle diýdim: “Sen Jäbir ibn Abdullanyň (Allah olardan razy bolsun) “Bir gezek bir adam ýany bilen ok göterip, mesjidiň içinden geçip barýarka, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň oňa “Oklaryň ujuny eliň bilen tutup (geç)!” diýendigini eşitdiňmi” diýdim.
Ebu Burdanyň kakasy (Ebu Musa Aş’arydan) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Mesjidlerimiziň ýa-da bazarlarymyzyň içinden oky bilen geçen adam, musulmanlardan birini ýaralamaz ýaly, okunyň ujundaky demrini eli bilen tutup geçsin”.
Az-Zuhri şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Ebu Seleme ibn Abdurahman ibn ‘Auf maňa Hassan ibn Säbit El-Ensarynyň Ebu Hureýräni şaýat tutup, oňa şeýle diýendigini habar berdi: “Allahyň haky üçin senden soraýaryn, sen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň “Eý Hassan! Allahyň Resulynyň adyndan (ol müşrüklere) jogap ber. Allahym! Ony Ruhul-Kudus bilen goldaw ber!” diýenini eşitmediňmi näme?” diýdi. Ebu Hureýre oňa “Hawa (eşitdim)” diýdi.