Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinede öýle namazyny dört rekagat okady, Zul-Hüleýfede bolsa ikindi namazyny iki rekagat okady. Men sahabalryň (haj bilen umra etmekligi niýet edenlerinde) gygyryp, gaty sesleri bilen telbiýe edendiklerini eşitdim”.
"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň telbiýesi şundan ybaratdy: “Läbbäýkä, Allahummä, läbbäýkä, läbbäýkä, lä şärikä läkä läbbäýkä, innäl-hamdä, wän-ni‘mätä läkä wäl-mulk, lä şärikä läkä!”.
(Ine, men Seniň huzuryňdadyryn eý, Allahym! Lepbeý diýip, huzuryňa geldim! Lepbeý, men Seniň huzuryňa geldim, Seniň hiç hili şärigiň ýokdur, ine, men Seniň huzuryňa geldim! Elbetde, hamdu-sena, ähli nygmatlar we mülk Saňa mahsusdyr! Ýokdur Seniň şärigiň!”. "
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Elbetde, men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň nähili telbiýe äýdyşyny bilýärin, ol şeýle diýerdi: “Läbbäýkä, Allahummä, läbbäýkä, läbbäýkä, lä şärikä läkä läbbäýkä, innäl-hamdä, wän-ni‘mätä läkä!”
(Ine, men Seniň huzuryňdadyryn eý, Allahym! Lepbeý diýip, huzuryňa geldim! Lepbeý, men Seniň huzuryňa geldim, Seniň hiç hili şärigiň ýokdur, ine, men Seniň huzuryňa geldim! Elbetde, ähli öwgüler we nygmatlar Saňa mahsusdyr!”."
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinede biziň bilen öýle namazyny dört rekagat okady, Zul-Hüleýfede bolsa ikindi namazyny iki rekagat okady. Soňra tä, daň atýança ol ýerde galdy.
Irden Pygamberimiz sallallhu aleýhi wesellem düýesine münüp, Baýda bardy. Ol ýere baranda “Alhamdulilläh, Subhanalla we Allahu Akbär” diýdi. Soňra bolsa, haj we umrany bilelikde berjaý etmeklige niýet edip, telbiýe etdi. Beýleki adamlaram şonuň ýaly telbiýe etdiler. Mekgä baranymyzda olar, Pygamberimiz sallallhu aleýhi wesellemiň buýrugy bilen yhramdan çykdylar. Soňra Terwiýe güni (ýagny, Zul-hijje aýynyň sekizinji güni) adamlar haj etmek üçin (ýene-de) yhrama girdiler”.
Enes şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öz eli bilen bir näçe düýeleri dik duran ýerlerinde gurban etdi. Medinede bolsa iki sany şahly, ala reňkli goçy gurban etdi”."
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem düýesiniň üstüne münüp, düýesi aýak üstüne galandan soň telbiýe etdi”.
"Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Zul-Huleýfede ertir namazyny okan wagty, düýesiniň eýerlenmegini emr ederdi. Eýerlenenden soň oňa münerdi. Haçanda, onuň düýesi dik üstüne galanda, dik duran ýerinden kybla tarap öwrülerdi, soňra bolsa, tä, Harama barýança telbiýe aýdyp gelerdi. Harama girende telbiýe aýtmagy bes ederdi. Soňra Za-Tuwa jülgesine gelip, gije daňa atýança şol ýerde galardy. Ertir namazyny okandan soň bolsa, (gusul alyp) suwa düşerdi.
Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem edil şeýle etdi diýerdi”."
"Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Mekgä gitmekçi bolanda, saçlaryna ýakymly ysy bolmadyk ýaglardan çalardy. Soňra Zul-Huleýfedäki mesjide gelip, ol ýerde namaz okardy. Soňra düýesine münerdi, düýesi aýak üstüne galandan soň (telbiýe edip) yhrama girerdi.
Soňra bolsa: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň edil şeýle edendigini gördüm” diýerdi”."
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Emma welin, Musanyň (Ezrak wadysyna) jülgesine inip barýarka telbiýe aýdyp baryşyny (şu wagt) görüp duran ýaly bolýaryn” diýdi.
"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz “Hajjatul-Wada’da” Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (Medineden haj zyýaratyny etmek üçin Mekgä tarap) ýola düşdük. Umra hajy etmek üçin telbiýe etdik. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Kimiň ýanynda gurbanlyk maly bar bolsa, haj bilen umrany niýet edip telbiýe etsin. Soňra tä ikisini hem doly berjaý edýänçä, yhramdan çykmasyn!”.
Men Mekgä gelenimde haýyzly ýagdaýdadym. Şol sebäpden Käbäň daşyndan towaf edip bilmedim, Safa-Merwäniň arasynda sa‘y hem edip bilmedim. Men muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme arz etdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “Saçyňy çözde, dara we umraňy goý-da, diňe (parz) hajy etmek üçin (yhram bagla-da) telbiýe et!” diýdi.
Men (Onuň diýşi ýaly) etdim we haj edip bolanymdan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meni (erkek doganym) Abdurrahman ibn Ebu Bekr bilen Tan‘yma iberdi we men şol ýerden başlap umra etdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bu seniň umra etmeli ýeriňdir” diýdi.
Aişa şeýle diýdi: “Umra niýeti bilen telbiýe eden adamlar, Käbäniň daşyndan towaf edip, Safa-Merwäniň arasynda sa‘y edenlerinden soň, yhramdan çykdylar. Soňra bolsa, Minadan gaýdyp gelenlerinden soň, ýene-de bir towaf etdiler. Emma welin, haj bilen umrany jem edenler, Käbäniň daşyndan diňe bir gezek towaf etdiler”."
"Jäbirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aly (ibn Ebu Talyba Allah ondan razy bolsyn) yhramly halynda galmagy emr etdi”.
Ibn Jureýjden rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ondan: “Eý Aly, sen haýsy niýet bilen yhrama girdiň?” diýip sorady. Aly: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň eden niýeti ýaly, niýet edip girdim” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onda, gurbanlyk malyňy al-da, şu halyňdaky ýaly yhramda gal!” diýdi"