"Bize Ebul- Ýemän Al-Hakam ibn Nafi’ şeýle gürrüň berdi: Ol bize Şu’aýb, Az-Zuhriden habar berip şeýle diýdi: Maňa ‘Ubeýdulla ibn Abdulla ibn ‘Utba ibn Mes’udyň ibn Abbasdan habar bermegine görä, Ebu Sufýan ibn Harb oňa şeýle gürrüň beripdir: “(Bu waka) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Ebu Sufýan we beýleki kureýşli kapyrlar bilen ylalaşyk baglaşan döwründe bolup geçdi. Ebu Sufýan Şama söwda üçin giden kureýşlileriň bir kerweniniň içindekä, Gerakl ony ýanyna çagyrypdyr.
(Ebu Sufýan ýoldaşlary bilen bilelikde) Iliýadaky imperatoryň ýanyna bardylar. Imperator olary öz köşgüne çagyrdy. Onuň daşynda Rumuň belli tanymal (asylzadalary) hem bardy. Imperator öz terjimeçisini we olary ýanyna çagyryp: “Siziň haýsy biriňiz özüni şol pygamber hasaplaýan adama has ýakyn garyndaş?” diýip sorady.
Ebu Sufýan şeýle diýdi: “Men Gerakla “Bularyň içinde Oňa iň ýakyn garyndaş men” diýdim. Şonda ol: “Ony maňa golaýrak getiriň we ýoldaşlaryny bolsa onuň arkasynda goýuň!” diýdi. Soňra terjimeçisine garap: “Olara, (ýagny ýanyndaky ýoldaşlaryna) aýt, men mundan Ol adam (ýagny Pygamber) hakynda sorajakdyryn. Eger ol ýalan sözlese, ýalan sözleýändigini maňa aýdyň” diýip tabşyrdy.
(Ebu Sufýan) “Allahdan ant içýärin, ýoldaşlarym soňra meniň ýalançylygym hakynda gürlejekdiklerinden utanmasadym, hökman, ol hakda ýalan sözlärdim” diýdi.
Geraklyň ilkinji soragy:
– Onuň gelip çykyşy – (tiresi) nähili?
Men jogap berdim:
– Ol asylly (maşgaladan) tireden.
Ol sorady:
– Ondan öň siziň içiňizde şuňa meňzeş zady, (ýagny ondan öň “Men pygamber”) diýen adam boldumy?
–Ýok.
– Onuň ata-babalarynyň içinde patyşa bolup gören barmy?
–Ýok.
–Onuň yzyna düşýänler asylly adamlarmy ýa-da ýönekeý adamlarmy?
–Ýönekeý adamlar.
–Olaryň sany köpelýärmi ýa azalýarmy?
–Köpelýär.
–Içlerinde ilki Onuň dinini kabul edip, soňra-da nägile bolup, dininden dänip, terk edenler (murted bolanlar) barmy?
–Ýok.
–Özüne pygamber diýmezden öň, Ony ýalançylykda ýazgardyňyzmy?
–Ýok.
–Sözünde durmadyk wagty bolýardymy?
–Ýok, ýöne biz Onuň bilen golaýda ylalaşyk baglaşdyk, (heniz biz) onuň näme etjegini bilemizok.
Ebu Sufýan “Men (aýdylan zatlaryň üstüne) şujagaş zatlardan artyk hiç zat goşup bilmedim” diýdi.
Ol ýene soragyny dowam etdirdi:
–Oňa garşy söweş edip gördüňizmi?
–Hawa.
–Urşuňyz nähili bolup gutardy?
–Aramyzdaky söweşde ýeňiş ikitaraplaýyn bolup (gezekli-gezegine), dowam etdi. Ol bizi ýeňdi, bizem olary ýeňdik.
– Ol size näme etmekligi emr edýär?
–Ol bize “Ata-babalaryňyzyň diýen zatlaryny taşlaň-da, Oňa (Allaha) hiç bir zady şärik getirmäň, ýalňyz Allahyň Özüne ybadat ediň!” diýýär. Şeýle hem, bize namaz okamagy we dogruçyl bolmagy, (päk) ahlakly bolmagy hem-de garyndaşlarymyz bilen gatnaşyk saklamagy emr edýär.
Soňra terjimeçisine garap şeýle diýdi: Sen oňa aýt: “Men senden Onuň gelip çykyşy barada soradym. Sen Onuň asylly maşgaladandygyny aýtdyň. Edil şonuň ýaly, (öňki) pygamberler hem kowumynyň asylly maşgalasyndan iberilýändir.
Men senden “Siziň içiňizde Ondan öň bu sözi aýdan adam boldumy?” diýip soradym. Sen “Ýok” diýdiň. Eger-de bu sözi Ondan öň hem kimdir biri aýdan bolsady, onda men “Bu adam başga biriniň aýdanlaryny gaýtalaýar” diýerdim.
Men senden ýene-de “Onuň ata-babalaryndan öň patyşa bolup gören barmy?” diýip soradym. Sen ”Ýok” diýdiň. Eger-de ata-babalaryndan öň patyşa bolany bar bolsady, onda men “Bu adam, atasynyň mülküni yzyna almak isleýändir” diýerdim.
Men senden Ol bu zatlary aýtmazyndan ozal, “Ony ýalançylykda ýazgaryp gördüňizmi?” diýip soradym. Sen “Ýok” diýdiň. “Adamlara ýalan sözlemeýän bolsa, Allaha garşy asla-da ýalan sözlemejegini men anyk bilýärin” diýdi.
Men senden “Onuň yzyna düşýänler asylly adamlarmy ýa-da ýönekeý adamlarmy?” diýip soradym. Sen “Ýönekeý adamlar” diýdiň. “Aslynda, pygamberleriň yzyna düşýänlerem ýönekeý adamlardyr” diýdi.
Men senden “Olaryň sany köpelýärmi ýa azalýarmy?” diýip soradym. Sen “Köpelýär” diýdiň. “Imanyň ýagdaýy tä kämillik derejesine ýetýänçä şeýle hem bolmaly” diýdi.
Men senden “Içlerinde Onuň dinini kabul edenden soň, nägile bolup dininden dänip, çykanlar boldumy?” diýip soradym. Sen “Ýok” diýdiň. “Haçan-da (hakyky) iman ýüreklere aralaşanda, (bu şeýle hem) bolýandyr” diýdi.
Men senden “Onuň sözünde durmadyk wagty boldumy?” diýip soradym. Sen “Ýok” diýdiň. “Pygamberler hem şeýledir, (beren sözlerinde hökman) durarlar” diýdi.
Men senden “Ol size näme etmegi emr edýär?” diýip soradym. Sen “Ol bize ýalňyz Allahyň Özüne ybadat edip, Oňa hiç bir zady şärik getirmezligi emr edýär hem-de butlara ybadat etmegi gadagan edýär, şeýle hem, namaz okamagy, dogruçyl bolmagy, (päk) ahlakly bolmagy emr edýär” diýdiň. “Eger-de bu aýdan zatlaryň hakykat bolsa, onda Ol meniň şu aýaklarymyň aşagyndaky ýerlere ýakyn wagtda eýe boljakdyr. Men ol (pygamberiň) geljegini bilýärdim, ýöne onuň siziň içiňizden çykjakdygyna welin garaşmaýardym. Eger men onuň ýanyna baryp biljegimi bilsedim, hökman Onuň bilen duşuşmaga synanyşardym. Eger men Onuň ýanynda bolsadym, onda hökman men Onuň aýaklaryny ýuwardym!” diýdi.
Soňra ol Dihýadan Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň “Busra” (şäheriniň) häkimine iberen hatyny sorady. Ol haty berdi, Gerakl haty okady. Hatda şular ýazylypdy:
Rahman we Rahim bolan Allahyň ady bilen!
Allahyň guly we Pygamberi Muhammedden Rumyň hökümdary Hirakla (Gerakla). (Hidaýata eýerenlere), dogry ýoldan gidenlere Salam bolsun! (Indi), Men seni Yslama çagyrýaryn! Yslamy kabul et, halas bolarsyň we Allah seniň sogabyňy iki esse artdyrar. Eger kabul etmeseň, onda daýhanlaryň (ýagny seniň halkyň) günäleri hem seniň boýnuňa bolar. (Men saňa Allahyň şu sözlerini ýatladýaryn): “(Eý, Muhammed)! Aýt: “Eý, ähli-kitap! Geliň, biziň siziň bilen araňyzda deň (manyda) bolan (şu) sözi (kabul edeliň): “Allahdan başgasyna ybadat etmäliň. Oňa hiç bir zady şärik tutmalyň, Allahdan başga (käbir ynsanlaryň toslan zatlaryny kabul edip), biri-birlerimizi perwerdigärler edinmäliň (hudaýlaşdyrmalyň)”. Eger (olar ýene-de) ýüz öwürseler: “(Eý, kapyrlar)! Biziň musulmandygymyza şaýat boluň!” diýiň {Äli Ymran:64}.
Ebu Sufýan şeýle diýdi: “Gerakl haty okap, aýtjagyny aýdyp bolandan soň, mejlisde (goh-galmagal), gürrüldi köpelip, sesler gatalyp başlady. Bizi daşaryk çykardylar. Daşary çykanymyzdan soň, men öz ýoldaşlaryma “Bäh, Ibn Ebu Kabşanyň , (ýagny Pygamberiň) meselesi şeýle bir (ulalyp), möhüm boldy, hatda Benul-Asfarlaryň patyşasy hem ondan gorkup başlady” diýdim.
Şondan soň, tä, Allah meniň kalbyma Yslamy guýýança, Onuň üstün çykjagyna ynanyp geldim.
Ibnun-Natur Iliýanyň, (ýagny Beýtul-Makdysyň) häkimi we Geraklyň (ýakyn) dosty bolup, ol Şamda hristiýanlarynyň ýepiskopy edilip bellenipdi. Ol Gerakl barada habar berip şeýle diýdi: “Gerakl Iliýa gelen wagty, bir gün irden erbet bolup turdy. Patriklerden biri oňa “Seniň bu halyňy halamadyk” diýdiler.
Ibnun-Natur şeýle diýdi: “Gerakl ýyldyzlara seredýän munejjim (astrologdy). Onuň bu ýagdaýyny soranlarynda, olara “Men şu gije ýyldyzlara seredenimde, Hitan patyşasynyň ýeňiş gazanandygyny gördüm. Bu milletleriň içinde haýsy millet sünnet edýär?” diýip sorady. Olar oňa “Ýewreýlerden başga hiç kim sünnet etmeýär. Olar hem seni beýle biynjalyk etmeli däldir. Çünki, patyşalygyňyzdaky şäherlere habar iberseňiz, ol ýerdäki ähli ýewreýleri öldürerler” diýdiler.
Şol arada Geraklyň ýanyna Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem hakda habar bermek üçin Gasanitleriň patyşasy tarapyndan iberilen bir adamy getirdiler. Gerakl ol adamyň habaryny alandan soň: “Baryň-da, ol adama sünnet edilipdirmi ýa-da edilmändir görüň!” diýdi. Baryp, (habarçyny) gözden geçirdiler we oňa sünnet edilendigini habar berdiler. Soňra ondan araplar hakynda (olar sünnet edýärlermi? diýip) sorady. Ol “(Hawa), olar hem sünnet edýärler” diýdi. Ony diňlänlerinden soň, Gerakl “Patyşalyk (agalyk) etmek indi olara – şol ymmata degişli bolar” diýdi.
Soňra Gerakl Rumiýadaky özi ýaly bilimli dostuna hat ýazdy we özi hem Hims (şäherine) gitdi. Tä habar gelýänçä, Hims (şäherini) terk etmedi. (Ahyr soňy) dostundan hat geldi (onuň ýazan hatynda). Geraklyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýüze çykandygyny, hakykatdan hem, Onuň pygamberdigi hakdaky pikirini goldap, onuň bilen ylalaşýandygyny ýazyp ugradypdyr.
Şondan soň, Gerakl Rumyň asylzadalaryny Himsdäki köşgüne çagyrdy. Soňra köşgüň derwezelerini ýapyp, gulplamagy emr etdi. Soňra olaryň öňlerine çykyp: “Eý, rumlular (wizantiýalylar)! Halas bolup, dogry ýola düşmegiňiz üçin hem-de patyşalygyňyzyň dowam etmegi üçin şu pygambere boýun bolmaly bolarsyňyz!” diýdi. (Muny eşidip, olar), ýabany eşekler ýaly, derwezä tarap ylgadylar, ýöne derwezäniň gulpludygyny gördüler. Haçan-da, Gerakl olardaky ýigrenji gören wagty, olardan iman getirmek umydyny üzdi. Gerakl “Olary yzlaryna dolap, meniň ýanyma getiriň!” diýip emr etdi we olara “Hakykatdanam, men muny siziň diniňize ygrarlylygyňyzyň güýjüni barlamak üçin aýtdym, ýöne indi men muňa göz ýetirdim!” diýdi.
Soňra olar Gerakldan razy bolup, oňa baş egip, sejde etdiler. Bu bolsa Gerakly (Yslam dini bilen) baglanyşdyrýan iň soňky zat bolup galdy”.
(Bu hadysy Salyh ibn Keýsan, Ýunus hem-de Ma’mar Az-Zuhriden rowaýat edipdirler)
"